Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz, german we rus liderleri Siriýada ýaraşygy ýola goýmak barada gepleşer


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron we german kansleri Angela Merkel 25-nji fewralda rus prezidenti Wladimir Putin bilen Siriýada BMG-niň 30 günlük ýaraşygyny, ýagny atyşygy kesmegi ýola goýmak barada gepleşik geçirer diýip, Fransiýanyň prezident edarasy aýtdy.

Bu gepleşikler telefon arkaly geçiriler we ol barada 24-nji fewralda, Howpsuzlyk geňeşi uruşdan tozan Siriýada ýaraşyk yglan etmäge biragyzdan ses berenden soň yglan edildi.

Makronyň edarasy gepleşikleriň esasan “bu rezolýusiýany durmuşa geçirmeklige we Siriýada durnukly parahatçylygy gazanmak üçin zerur bolan syýasy plana” gönükdiriljekdigini aýtdy.

Söweşleriň dowam edýändigi baradaky habarlaryň arasynda, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş 24-nji fewralda ähli taraplary ýaraşyk şertlerini “derhal” durmuşa geçirmäge hem-de ony “saklamaga” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG