Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý prezidentiň iki möhlet saýlanmak çäklendirmesini aýyrmagy teklip edýär


Si Jinpin gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen, arhiw suraty.

Hytaýyň Kommunist partiýasy şol bir prezidentiň wezipede iki möhletden artyk bolmazlygy baradaky kanun çäklendirmesini aýyrmagy teklip edýär, bu iş başyndaky prezident Si Jinpine 2023-nji ýyldan soň hem wezipesinde galmaga mümkinçilik berer.

Bu habar 25-nji fewralda,“Xinhua” habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy.

“Xinhua” Kommunist partiýanyň konstitusiýadan Hytaýyň prezidenti we wise-prezidenti “yzygider iki möhletden kän bu wezipede galmaly däl” diýen sözleriň aýrylmagyny teklip edendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG