Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň soňky sanksiýalaryny 'uruş hereketi' atlandyrdy


Günorta Koreýa. Demirgazyk Koreýanyň Gyşky oýunlara iberen şowhunçylary
Günorta Koreýa. Demirgazyk Koreýanyň Gyşky oýunlara iberen şowhunçylary

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň öz režimini nyşana alýan soňky sanksiýasyny ýazgarmak bilen, Waşingtony Gyşky Olimpiada döwründe Günorta Koreýa bilen aradaky gatnaşyklarynyň gowulanmagyny bökdemek synanyşygynda aýyplady.

Demirgazyk Koreýanyň resmi KCNA habar gullugynyň 25-nji fewralda çap eden beýanaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň täze temmi beriş çärelerini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi, ol çäreleriň Phenýana ýadro we ýarag programmalary sebäpli basyş görkezilmegini maksat edinýändigi aýdylýar.

"Iki Koreýa bilelikde hyzmatdaşlyk etdi we Olimpiýa oýunlary üstünlikli geçirildi” diýip, KCNA demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrligine salgylanyp aýtdy.

"Emma ABŞ Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň öň ýanyndan [25-nji fewral] KHDR-e garşy giň möçberli täze sanksiýalary bilen Koreýa ýarymadasyna uruş wehimini getirdi” diýip, KCNA ýapyk awtoritar döwletiň resmi adynyň gysga görnüşini ulanyp aýtdy.

ABŞ-nyň täze sanksiýalary 50-den gowrak ýük kompaniýasyny, gämileri, Demirgazyk Koreýa bilen ilteşikli firmalary nyşana alýar.

KCNA-nyň tassyklamagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrligi bu gabawa “uruş hereketi” hökmünde serediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG