Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalary


Jowuzjan, owgan türkmenleri. Arhiw suraty
Jowuzjan, owgan türkmenleri. Arhiw suraty

23-nji fewral güni regional liderleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde umumy bahasy dürli metbugat serişdelerinde 8-10 milliard dollara barabardygy habar berilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly gepleşiginiň bu günki sanyny bu wakadan ugur alyp we şol bir wagtyň özünde-de redaksiýamyza gelip gowuşýan hatlary nazarda tutup, Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalaryna gönükdirýäris.

Bilinşi ýaly, Türkmenistandaky türkmenler bilen birmeňzeş dilde gepleýän etniki türkmenleriň aglaba köpçülikde ýaşaýan ýurtlarynyň biri hem Owganystan. Ol ýurtdaky etniki türkmenleriň köpüsi diýen ýaly goňşy Türkmenistanyň serhetýaka welaýat hem etraplarynda kowçum bolup ýaşaýarlar.

Bilermenler, ýurtdaky howpsuzlyk, işsizlik, garyplyk we tebigy betbagtçylyklar sebäpli bolan oňaýsyz ýaşaýyş şertleriniň Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň az bölegini daşary ýurtlara ýokary bilim almaga gönükdirýän bolsa, esasy köpçüligini zähmet migrantlygyny etmäge iterýändigini öňe sürýärler. Olar, owganystanly etniki türkmen ýaşlarynyň eklenç üçin esasanam goňşy Eýrana we şol bir wagtyň özünde-de iň köp Türkiýä ýykgyn edýändigine aýratyn üns çekýärler.

Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG