Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky ýangynlarda azyndan 15 adam öldi


Russiýanyň kartasy

Soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynda we binalarda bolan aýrybaşga ýangynlarda azyndan 15 adam öldi diýip, ýerli habar agentlikleri habar berýärler.

27-nji fewralda Çusowoý sebitiniň Urals şäherçesiniň häkimiýetleri gijäň ýary köp gatly jaýda dörän ýangynda alty adamyň, şol sanda üç çaganyň ölendigini aýtdylar. Deslapky derňewlere görä, bu wakanyň döremegine gijäň ýary elektrik pejiň öçürilmezligi sebäp bolan bolmagy mümkin.

Russiýanyň günorta-günbataryndaky Krasnodar regionynda hem, gijäň ýary dörän ýangynda bir adam we iki çaga öldi. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiň resmileri Paşkowskiý obasynda dörän bu ýangynyň iki sagatda söndürilendigini aýtdylar. Derňewçiler bu ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygyny derňeýärler.

Sibiriň Tomsk şäherinde kagyz galyndylarynyň saklanýan ýerinde ýangyn döredi. Bu wakada adam ýitgisi bolmady, ýöne ýangyn birnäçe sagadyň dowamynda söndürildi diýip, ýerli häkimiýetler aýtdylar.

26-njy fewralda ýurduň günorta-günbataryndaky Wolgograd şäherinde ýerleşýän köp gatly jaýda dörän ýangynda üç adam öldi.

Sibiriň Ýakutsk şäherinde dörän başga ýangynda hem üç adamyň ölendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG