Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýanyň sudy siriýaly kürt lideriniň azatlyga goýberilmegi barada karar çykardy


Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal lideri Salih Muslim
Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal lideri Salih Muslim

Çehiýa respublikasynyň häkimiýetleri geçen hepdäniň ahyrynda Pragada tussag edilen Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal liderini azatlyga goýberdiler.

27-nji fewralda Praganyň şäher sudy Türkiýäniň ekstradisiýa haýyşyna garamazdan, Demokratik birleşik partiýasynyň (PÝD) öňki ýolbaşçylarynyň biri Salih Muslimiň tussaglykdan boşadylmalydygy barada karar çykardy.

Muslimiň onlarça tarapdary onuň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, sud edarasynyň öňünde ýygnandylar. 26-njy fewralda Pragada 200 çemesi adam şuňa meňzeş demonstrasiýalary geçiripdi.

Muslim Ankaranyň çykaran gözleg karary esasynda 24-nji fewralda Pragada tussag edilipdi.

Türk sudy Muslimi “ýurduň bütewiligini we döwleti bölmekde”, şeýle-de beýleki kanuny bozmalarda aýyplapdy.

Türkiýe Demokratik birleşik partiýasyny (PÝD) “terrorist topar” hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG