Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Demirgazyk Koreýa Siriýanyň himiki ýarag desgalaryna enjamlary ugradýar


Keselhanada saglyk bejergisini alýan siriýaly çagalar

Demirgazyk Koreýa raketa spesialistlerini, şeýle-de himiki ýaraglaryň önümçiliginde ulanylyp bilinjek enjamlary Siriýa ugradýar diýip, Birleşen Ştatlaryň mediasy habar berýär.

27-nji fewralda ýaýradylan maglumata görä, Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleri 2012-2017-nji ýyllar aralygynda Siriýa şeýle enjamlary ugratmak boýunça öň hasaba alynmadyk 40 wakanyň bolandygynyň üstüni açdylar.

Siriýa bikanun ugradylandygy aýdylýan materiallaryň arasynda kislota çydamly plitkalar, korroziýa çydamly klapanlar, gapaklar we termometrler bar.

Köpçülige ýaýradylmadyk we Demirgazyk Koreýanyň BMG-niň rezolýusiýasyny berjaý edişine baha berilýän BMG hasabatynda aýdylmagyna görä, BMG-e agza, emma ady aýdylmaýan ýurtlaryň biri Siriýanyň himiki ýaraglar we raketalar desgalarynda Phenýanyň tehniklerini görüpdir.

Aýdylmagyna görä, Damask BMG-niň ekspertlerine Siriýadaky demirgazyk koreýalylaryň sport tälimçileri we türgenleridigini aýdypdyr.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG