Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan deputaty türkmen-owgan serhediniň goralyşyndan alada bildirýär


Türkmen-owgan serhedi

Owganystanyň wise-prezidenti, general Reşit Dostumyň metbugat wekili we ýurduň milli mejlisiniň agzasy Beşir Ahmet Taýanç türkmen-owgan serhediniň goralyşynyň gowşak bolmagyndan alada bildirdi.

Ol türkmen-owgan serhedinden ýarag we neşe maddalarynyň gaçak ýol bilen geçirilýän bolmagynyň ahmaldygyny hem öňe sürýär.

“Türkmen-owgan serhediniň owgan tarapynda käbir bozgak toparlar hereket edýär, biz bu toparlaryň ok-ýarag gaçakçylygy bilen meşgullanýan bolmagyndan şübhelenýäris. Şu sebäpden biz türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýdan howatyr edýäris” diýip, Taýanç aýtdy.

Şeýle-de deputat Beşir Ahmet Taýanç özüniň serhet ýakalarynda bolýan ýagdaýlary türkmen resmilerine ýetirmekçi bolýandygyny we Türkmenistanyň öz bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmalydygyny belledi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýüzlerçe kilometre uzaýan serhet bar. Serhediň Owganystan tarapynda-da türkmenler we özbekler kowçum bolup ýaşaýar. Bu sebitdäki Farýap welaýatynyň welaýat geňeşiniň agzasy, deputat Akmuhammet Nury Türkmenstanyň ýaragly toparlar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdylýanlaraynanmaýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, Türkmenistan owgan halkynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy üçin elden gelen kömegini gaýgyrmaýar.

Biziň käbir millet wekillerimiz tarapyndan ‘Türkmenistan talyplara ýarag berýär’ diýen gepler aýdylypdyr. Emma bizFarýap welaýatynyň geňeş agzasy hökmünde aýdyp biljek: Türkmenistan Owganystan bilen, hususan-da demirgazyk Owganystan bilen hyzmatdaşlyk edip, Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegi üçin tagalla edýär. Onsoň biz nädip Türkmenistan talyplara ýarag berýär we olary güýçlendirýär diýip nädip aýdyp bileris?” diýip, deputat Akmuhammet Nury sorady. Şeýle-de ol bu aýyplamalary öz adyndan hem-de Farýap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan ret edýändigini aýtdy.

Deputat Nurynyň sözlerine görä, Türkmenistan Owganystana öz goňşuçylyk hakyny berjaý edýär. “Owganystanyň halky Türkmenistandan peýdalanyp gelýär, Türkmenistandan Owganystana hiç wagt zyýan gelmez” diýip, deputat belledi.

Azatlyk radiosy bu mesele boýunça pikirlerini almak üçin Türkmenistanyň kabuldaky ilçihanasyna ýüz tutdy, emma olar Azatlygyň diňleýjileri üçin düşündiriş bermekden saklandylar.

Mundan öň hyratly meýdan komandiri Ysmaýyl Han hem Türkmenistany “talyban” söweşijilerini ýarag bilen üpjün etmekde aýyplady, emma Türkmenistan bu aýyplamany ret etdi.

XS
SM
MD
LG