Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwyň neşekeşlikden saplaýan merkezinde turan ýangynda azyndan 25 adam öldi


Azerbaýjanyň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Kamaladdin Heýdarow
Azerbaýjanyň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Kamaladdin Heýdarow

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda neşä garaşly näsaglary dertden saplaýan merkezde 2-nji martda irden turan ýangyn azyndan 25 adamyň ölümine sebäp boldy.

Telewideniýäniň maglumatynda Bakuwyň Hataý etrabyndaky döwlet eýeçiligindäki merkeziň penjirelerinden alawyň çykýan pursatlary görkezildi.

Resmiler ýangyn söndürilenden soň, wakada pida bolan 25 adamyň jesediniň 55 näsaga niýetlenen binanyň galyndylarynyň arasynda tapylandygyny aýtdylar. Başlangyçda Azerbaýjanyň häkimiýetleri ýangynda azyndan 30 adamyň ölendigini aýtdylar, ýöne soňra bu sany kemeltdiler.

Wakada 34 adamyň halas edilendigi we olaryň üç sanysynyň anyklaşdyrylmadyk ýaralar sebäpli hassahana ýerleşdirilendigi, Azerbaýjanyň Saglyk, Içeri işler we Adatdan daşary ýagdaýlary boýunça ministrlikleriniň hem-de Baş prokuratura edarasynyň bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, deslapky derňewler ýangyna elektrik ulgamyndaky näsazlygyň sebäp bolandygyny çaklaýar. Ýerli wagt bilen sagat 6:10 töweregi dörän ýangyn 2,5 sagada golaý wagtyň dowamynda söndürildi. Bu çärä ýangyn söndürijileriň 10 sany işçi topary gatnaşdy.

Bu merkezdäki näsaglaryň aglabasy neşeden ýa-da alkogoldan saplanmak üçin sud tarapyndan bu ýere ugradylypdy. Ýöne olaryň käbiri meýletin bejergi alýardy.

Ýangyn söndürilenden soň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alýew we ýurduň ýokary derejeli beýleki resmileri, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlar ministri Kamaladdin Heýdarow, içeri işler ministri Ramil Usubow, premýer-ministriň orunbasary Ali Hasanow dagy wakanyň bolan ýerine bardylar.

XS
SM
MD
LG