Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Janyndan geçeniň hüjüminde 6 ýaşyndaky gyz öldi


2-nji martda Owganystanyň paýtagty Kabulda partlamanyň amala aşyrylan ýeri
2-nji martda Owganystanyň paýtagty Kabulda partlamanyň amala aşyrylan ýeri

2-nji martda Owganystanyň paýtagty Kabulyň gündogar etrabynda janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjümi diýlip gümän edilýän partlamada 6 ýaşyndaky gyz öldi we başga-da 14 adam ýaralandy diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najib Daniş AÝ/AR-nyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, partlamada Kabel Baý etrabyndaky “daşary ýurtly güýçleriň kerweni nyşana alnypdyr”.

Gürrüňi edilýän sebitde harby türgenleşikleriň geçirilýän merkezi, hökümetiň gümrük edaralary we käbir myhmanhanalar ýerleşýär.

Häzire çenli bu partlama barada goşmaça maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu bombaly hüjümiň jogapkärçiligini hem heniz hiç kim öz üstüne almady.

Bu waka owgan prezidenti Aşraf Ganiniň “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerini teklip etmeginden iki gün we Kabulyň merkezinde partladyjy ýerleşdirilen Tiz kömek ulagy partladylyp, 100 adam ölenden bir aý gowrak wagt soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG