Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Sarkisiany täze prezident saýlady


Armen Sarkisian

2-nji martda Ermenistanyň parlamenti Armen Sarkisiany ýurduň nobatdaky prezidenti saýlady.

64 ýaşyndaky Sarkisiana ermeni parlamentiniň 90 kanunçykaryjysy goldap, 10 sanysy garşylyk görkezip ses berdi. Kanunçykaryjylaryň biri ses bermekden saklandy.

Armen Sarkisian Ermenistanyň öňki premýer-ministri bolup, ol häzirki wagt ýurduň Beýik Britaniýadaky ilçisidir.

Nobatdaky prezident bilen hiç hili maşgala arabaglanyşygy bolmadyk Serž Sarkisian Armen Sarkisiany dolandyryjy Respublikan partiýanyň prezidentlige dalaşgäri diýip, 19-njy ýanwarda yglan edipdi.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen referendumyň yz ýany, Ermenistan öz hökümet dolanşygyny ýarym-prezidentlikden parlament respublikasyna geçirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG