Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Öňki gyrgyz ilçisiniň ogly ýarag gaçakçylygynda aýyplanyp, öý tussaglygyna höküm edildi


Gyrgyzystanyň kartasy

Birleşen Ştatlaryň sudy Waşingtondaky öňki gyrgyz ilçisiniň ogluny ot açýan ýaraglaryň söwdasynda we gaçakçylygynda aýyplap, onuň öý tussaglygynda saklanmalydygy barada karar çykardy diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.

2-nji martda ýaýradylan beýanatda 28 ýaşyndaky gyrgyz raýaty Tengiz Sydykowyň öý tussaglygyna höküm edilendigi baradaky kararyň mundan bir gün öň çykarylandygy bellenilýär.

2005-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ilçisi bolan tanymal žurnalist Zamira Sydykowa özüniň 1-nji martda beren maglumatynda, Sydykowyň öz ogludygyny we onuň Waşingtonyň merkezinde ýaşaýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň federal prokurorlary Sydykowyň we beýleki şübheli Eldar Rezwanowyň 27-nji fewralda tussag edilendigini mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG