Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel, Tramp Putiniň ýaraglar baradaky çykyşyna aladalanma bildirdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň täze ýadro-ukyply güýçli ýaraglaryň synaglaryny üstünlikli amala aşyrandygyny ýa-da olary özleşdirýändigini yglan edensoň, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp öz aladalanmalaryny bildirdiler.

Germaniýanyň hökümetiniň 2-nji martda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Merkel we Tramp bu ýaraglaryň “halkara ýarag kontroly tagallalaryna” negatiw, ýagny oňaýsyz täsiri bolar diýdiler.

1-nji martda Putin özüniň ýyllyk edýän çykyşynda öz ýurdunyň garşydaşlaryň öňüni alyp bilmejek täze ýadro ýaraglaryny döredip, olaryň synaglaryny üstünlikli amala aşyrandygyny belledi.

Ýörite görkezilen wideoda täze raketalaryň suwasty gämilerden goýberilip, olaryň awianoses we kenarýaka nyşanlaryny urmaga mümkinçiliginiň bardygy, şeýle-de olary asla yzarlap bolmaýandygy aýdyldy.

2-nji martda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň halkara ýarag kontroly baradaky şertnamalaryň hiç birini bozmaýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG