Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz ilçisiniň ogly ýarag gaçakçylygynda güman edilýär


Tengiz Sydykow

ABŞ sudy Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ozalky ilçisiniň ogluny ýarag gaçakçylygy aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna höküm etdi diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.

2-nji martda çap edilen beýanatda ministrlik 28 ýaşyndaky gyrgyz raýaty Tengiz Sydykowyň bir gün ozal bolan sud diňlenişiginden soň öý tussaglygyna höküm edilendigini aýdýar.

Tanymal žurnalist we 2005-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ilçisi bolan Zamira Sydykowa 1-nji martda Sadykowyň öz oglydyny we Waşington töwereklerinde ýaşaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň federal prokurorlary Sadykowyň we beýleki güman edilýän Eldar Rezwanowyň 27-nji fewralda tussag edilendigini aýtdy. Olar, hamala, 100-den gowrak böleklere bölünen ýaragy resmi ygtyýarnamalary bolmazdan Orsýetiň Çeçenistan sebitine ibermäge synanypdyr.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG