Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde geçirilen polisiýa reýdinde 100 adam tussag edildi


Polisiýa Kiýewdäki protest lagerinde reýd geçirdi, onlarça adam tutuldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Polisiýa Kiýewdäki protest lagerinde reýd geçirdi, onlarça adam tutuldy

Kiýew polisiýasynyň milli parlamentiň binasynyň golaýyndaky protestçiler lagerine reýd geçirmegi netijesinde protestçiler bilen arada çaknyşyk turdy.

Milli Gwardiýanyň metbugat gullugy ukrain paýtagtynda, Werhownaýa Radanyň golaýynda 3-nji mart güni irden görlen çärede 100 çemesi adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Sözçi biraz soň ukrain metbugatyna çaknyşyk mahalynda alty protestçiniň we dört sany polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Milli Gwardiýanyň sözçüsi Andriy Kryşenko polisiýanyň gören çäresiniň fewral aýynda parlamentiň daşynda bolan hökümete garşy zorlyk boýunça geçirilýän derňewiň dowamydygyny aýtdy.

Häkimiýetler 27-nji fewralda hökümete garşy protestçiler bilen bolan çaknyşykda 14 sany polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG