Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň daşary işler ministri Eýrana sapar edýär


Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian
Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian

Fransiýanyň daşary işler ministri 2015-nji ýylda baglaşylan Eýranyň ýadro programmasyna degişli ylalaşygyň, şeýle-de Eýranyň Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda rolunyň daşyndaky halkara dartgynlylygynyň dowam edýän wagtynda 5-nji martda Tährana sapar etdi.

Jean-Ywes Le Drianyň bu sapary başda ýanwar aýyna bellenipdi, emma ýurduň dürli şäherlerinde studentleriň agdyklygynda geçirilen protestler sebäpli yza tesdirilipdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Le Drianyň Tähranda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşmagy we “ikitaraplaýyn, regional we halkara meseleleri”, 2015-nji ýylyň ylalaşygyny berjaý etmek meselesini maslahat etmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýylda bu ylalaşygyň geljegini şübhe astyna goýdy we ony kemçilikleriň düzedilip-düzedilmezligine garamazdan, şu ýylyň maý aýynda ýatyryp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG