Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk meselesi maslahat edildi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat, 11-nji mart, 2015
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat, 11-nji mart, 2015

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyklar meselesi maslahat edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 1-nji martda geçirilen gepleşiklerde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti nygtaly, emma Hassan Rohaniniň garaşylýan saparynyň takyk wagty agzalmady.

Eýranyň senagat, magdanlar we söwda boýunça ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Türkmenistanda Eýran yslam respublikasynyň harytlarynyň nobatdaky sergisine hem gatnaşýar.

Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesiniň resmi derejede maslahat edilmegi iki ýurduň arasynda gazyň tölegine degişli dawanyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Eýran 2017-nji ýylyň dekabr aýynda halkara arbitraž suduna ýüz tutjakdygyny aýtdy. 29-njy ýanwarda Eýranyň IRNA habar gullugy Tähranyň Türkmenistanyň garşysyna ýene bir şikaýat bilen Halkara arbitraž suduna ýüz tutmakçy bolýandygyny habar berdi.

Eýranyň prezidenti Türkmenistana 2015-nji ýylyň mart aýynda barypdy.

XS
SM
MD
LG