Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlary BMG-niň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge ymtylýandygyny mälim etdiler


BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 37-nji ýyllyk sessiýasynyň çäginde 28-nji fewralda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda: Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň ösüşi” temasyndan bilelikdäki maslahat geçirildi

BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 37-nji ýyllyk sessiýasynyň çäginde 28-nji fewralda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda: Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň ösüşi” temasyndan bilelikdäki maslahat geçirildi, oňa türkmen tarapy inisiatorlyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda aýdylýar.

Çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň esasy azatlyklary we adam hukuklaryny goramak boýunça borçlaryna gönükdirilen we adam hukuklary ugrunda edýän işlerinden geňeşiň agza ýurtlarynyň habarly bolmagyny artdyrmakdan ybarat diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda bu maslahatyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň ustawynyň ýörelgelerini aktiw durmuşa geçirmäge ymtylýandygyny halkara jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmek üçin” platforma bolandygy bellenýär.

2018-nji ýylda BMG-niň adam hukuklary boýunça ähliumumy deklarasiýasynyň 70 ýyllygy bellenýär.

Maslahata BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň Amerika, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça býurosynyň başlygy Hose Mariýa Arnas, Türkmenistanyň ombudsmeni Ý.Gurbannazarowa, Özbegistanyň ýustisiýa ministri R.Dawletow we adam hukuklary boýunça milli merkeziniň müdiri A.Saidowyň, BMG-niň Ženewadaky edarasynda Täjigistanyň wekili D.Hamidow we beýleki ýurtlaryň hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşypdyr.

XS
SM
MD
LG