Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” zerurlyklary üçin täze uçar abzallaşdyrylýar


Türkmenistanyň Belarusa satan "Boeing-767" kysymly uçary

“Türkmenhowaýollary” milli kompaniýasynyň zerurlyklary üçin öndürlen “Boeing 737-700” kysymly uçary 22-nji fewralda Delawer ştatynyň Georgetown şäherine gondy diýip, Flightradar24 gullugynyň websaýtyna salgylanyp ANT gullugy habar berýär.

Maglumatda bellenişine görä, bu şäherde VIP müşderiler we döwlet baştutanlary üçin niýetlenen uçarlaryň ýörite özgerdilmegi boýunça iş alyp barýan ALOFT AeroArchitects kompaniýasynyň ýerleşýändigi aýdylýar. Bu uçara EZ-A700 nomeriň berlendigi maglumatda bellenýär.

ABŞ-nyň uçar öndüriji “Boing” kompaniýasy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna nobatdaky ýolagçy uçaryny eltmäge taýýarlanýandygy barada ýanwar aýynda habar berlipdi. Şona uçaryň ilkinji uçuşynyň 2018-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda amala aşyrylandygy we oňa EZ-A700 nomeriň berlendigi aýdylypdy.

Bu nomer öň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ulanan “Boing-767” kysymly uçaryna berlipdi diýip, “Gündogar.org” informasion neşri habar berdi.

Saparmyrat Nyýazowyň uçary 2008-nji ýylda Belarusa satylypdy we ony prezident Aleksandr Lukaşenka ulanýar.

XS
SM
MD
LG