Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň häkimiýetleri ýurtda bolan dikuçar heläkçiliginde azyndan iki adamyň ölendigini aýdýarlar.
Ýerli resmiler Çeçenistanyň Serhet gullugyna degişli dikuçaryň ýurduň günortasyndaky daglyk sebitde heläkçilige uçrandygyny mälim etdiler.
Bu dikuçar heläkçiliginiň sebäpleri barada häzirlikçe resmiler tarapyndan goşmaça maglumatlar berilmeýär.