Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Skripalyň zäherlenmegi ‘aýylganç jenaýatdyr’


Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa
Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa

Orsýetiň öňki içalysy we onuň gyzynyň nerwleri ysmaz edýän gaz bilen zäherlenmegi diýlip güman edilýän waka “aýylganç we perwaýsyz jenaýat” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maýyň metbugat wekili aýtdy.

66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa Britaniýanyň Salisburi sebitindäki bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylandan dört gün soň, ýagny 8-nji martda britan häkimiýetleri olaryň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny” aýtdylar.

Bu aralykda, Britaniýanyň içeri işler boýunça sekretary Amber Rud ýurduň parlamentinde eden çykyşynda britan topraklarynda nerwleri ysmaz edýän gazyň ulanylmagy “haýasyz we perwaýsyz bir hereket” diýdi.

Şol bir wagtda, ol derňewleri dogry geçirmek üçin britanlaryň spekulýasiýalardan gaça durmalydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG