Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan uçary motoryndaky näsazlyk sebäpli Aşgabadyň aeroportyna ‘gondy’


Aşgabadyň halkara eroporty

Britaniýanyň TUI howaýollary kompaniýasyna degişli “Boing-767” kysymly uçar dwigatelleriniň, ýagny motorlarynyň birinde dörän näsazlyk sebäpli Aşgabadyň aeroportyna gondy diýip, “Gündogar” neşiri Daniýanyň “Ekstra Bladet” gazetine salgylanyp habar berýär.

Aýdylmagyna görä, bu waka 8-nji martda gije sagat 3 töweregi bolup, uçar Kopengagenden uçandan 7 sagat çemesi soň, ekipaž agzalary dwigateldäki näsazlygy anyklaýarlar. Şondan soň, TUI howaýollary kompaniýasyna degişli uçar türkmen-owgan serhediniň golaýyndan yzyna dolanyp, 40 minut soňra Aşgabadyň aeroportyna gonýar.

Taýlandyň Phuket sebitine sapar eden uçaryň bortunda 291 sany ýolagçy we ekipaž agzalary bolup, wakanyň netijesinde hiç kime zeper ýetmedi. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýolagçylaryň uçardan çykmagyna rugsat berip, 70 çemesi adam myhmanhana ýerleşdirildi. Uçaryň ekipaž agzalary galan ýolagçylara ýassyklary we ýorganlary paýladylar, olar aeroportyň tranzit zonasynda dynç aldylar diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Şol güni giçlik, ýagny 9-njy martda gije sagat 00:23 töweregi TUI howaýollary kompaniýasynyň başga bir uçary Aşgabada ugradylandan soň, ýolagçylaryň Taýlandyň Phuket sebitine uçandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu waka dogrusynda Aşgabadyň halkara aeroporty bilen habarlaşanda, maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

XS
SM
MD
LG