Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talyp gözeli-2018’ bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda “Talyp gözeli-2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilip, bu titula Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyby Gunçagül Hangulyýewa mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Zenanlar birleşigi tarapyndan guramalaşdyrylýan we her ýyl Halkara aýal-gyzlar gününe gabatlanyp geçirilýän bu bäsleşige öz ýokary okuw jaýyndaky bäsleşiklerde üstünlik gazanan talyplar gatnaşdy.

“Jemleýji tapgyrda dalaşgärleriň üçüsi özleriniň intellektual we aragatnaşyk, şeýle-de aýdym aýtmak, tans etmek we dürli tagamlary taýýarlamak boýunça ukyplaryny görkezdiler” diýlip, “Türkmenistan Altyn-asyr” websaýtynda aýdylýar.

Bäsleşikde Gunçagül Hangulyýewa “Tülyp gözeli-2018” titulyna eýe bolan bolsa, Oguljahan Gurbanýazowa birinji, Aýgül Myradowa ikinji we Mahym Mýatiýewa üçünji orna mynasyp boldy. Olara gymmatbaha sowgatlaryň, diplomlaryň we gül desseleriniň gowşurylandygy, habarda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG