ABŞ-nyň ýaranlaryndan, ýurda eksport edýan demirine we alýuminine giriziljek täze tarifflerindan azat bolmaklary üçin, NATO edýän maliýe harajatlaryny artdyrmagy soralyp bilner.
ABŞ-nyň maliýe resmisiniň aýtmagyna görä, prezident Donald Tramp täze tarrifleriň haýsy ýurtlara täsir etmejekdigini milli howpsuzlyk jähtinden karar berer.
Şeýle-de, Trampyň NATO ýurtlarynyň hopwsuzlyga has köp maliýe çykarmagyny isleýändigi nygtalýar.
Prezident Tramp ýurda import edilýän demire 25% we alýumine 10% salgyt pajynyň girizilmegini, ýurduň milli howpsuzlyk aladalary bilen düşündirdi. Ol importyň ýerli demir we alýumin senagatyny “öldürýändigini” hem belledi.