Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” hüjüminde owgan ofiserleri öldi


"Talyban" hereketiniň jeňçileri bolmakda güman edilýän söweşijiler.

Owganystanyň günbatar Farah welaýatynda jeňçileriň hökümet güýçlerine eden hüjüminde onlarça adam öldürildi.

Welaýat Geňeşiniň başlygynyň aýtmagyna görä, “Talyban” hereketiniň Bala Buluk etrabyna eden hüjüminde ýörite güýçleriň hataryndan sekiz adam we polisiýanyň ofiserlerinden 10 adam heläk bolupdyr.

Dört sagatlap dowam eden çaknyşykda “Talybanyň” hataryndan hem 40-a golaý jeňçi öldürilipdir.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG