Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus daşary işler ministrliginiň sözçüsi Slutskini jynsy süýkenmelerde aýyplady


Russiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowa
Russiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowa

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi täsirli rus syýasatçysy Leonid Slutskini jynsy süýkenmelerde aýyplady.

Mariýa Zaharowa: “Restoranda wagtymyz Leonid juda ýerliksiz zatlary aýdyp başlady” diýip, rus telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Ol bu hadysanyň mundan bäş ýyl ozal bolandygyny hem belledi.

Zaharowadan ozal üç sany zenan žurnalist: RTVI telekanalynyň redaktorynyň orunbasary Ýekaterina Kotkiradze, Dožd telekanalynyň prodýuseri Darýa Žuk we BBC telekorporasiýasynyň Rus bölüminiň habarçysy Farida Rustamowa hem Slutskini jynsy süýkenmelerde aýyplady.

Zaharowa öz interwýusynda: “Men käbirleriň ‘Onuň özi bulary gurnady, onuň özi şular ýaly gyz, ol gyzyň özi bijaý geýindi’ diýen ýaly garaýyşlara düýbünden garşy çykýaryn” diýdi.

50 ýaşly Slutskiý nähilidir bir etmiş edendigini ret etdi. Ol aýyplama bildirenlere garşy sud işini açmak bilen haýbat atdy.

Emma, 8-nji mart – Halkara aýal-gyzlar gününde Slutskiýa özüniň Facebook hasabynda ötünç sorady. “Pursatdan peýdalanyp, men bilip ýa bilmän kimdir-biriniň göwnüne degen bolsam, ötünç soraýaryn. Maňa ynanaýyň, meniň bet niýetim ýokdy” diýip, Slutskiy özüniň sahypasynda ýazgy galdyrdy.

Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny Slutskiniň işden çetleşdirilmegini sorady. Prezidentlige dalaşgär Kseniýa Sobçak we ýene birnäçe aktiwistler Döwlet Dumasynyň öňünde ýekebara protest geçirdiler.

Nawalny aýyplama bildiren žurnalistlere özüniň raýdaşlygyny bildirip, Dumanyň Halkara gatnaşyklar boýunça kommitetiniň başlygy Slutskini “ýigrenji kanunçykaryjy” diýip, atlandyrdy. Şeýle-de, Nawalny Slutskiniň arkasyny tutup, çykyşan eden syýasatçylary hem tankytlady.

“Kim Slutskini goraýan bolsa, olar elhenç adamlardyr” diýip, Nawalny özüniň websaýtynda ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol Sltuskini parahorlykda aýyplap, muňa delil hökmünde, “diňe bir aýlygyň hasabyna ýaşaýan adamyň edinip bilmejek emläklerini” görkezdi.

Prezidentlige dalaşgär Kseniýa Sobçak beýleki bir kandidat – Liberal Demokratik Partiýanyň lideri Wladimir Žirinowskini özüniň partiýa egindeşi Slutskini “goramakda” aýyplady.

XS
SM
MD
LG