Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi Skripalyň ýagdaýy boýunça maslahat geçirýär


Polisiýa wekili Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň tapylan ýerinde gözegçilik edýär, Salisbury

Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi 12-nji martda maslahat geçirip, orsýetli öňki gizlin agentiň we onuň gyzynyň Salisbury şäherinde zäherlenmegine degişli ýagdaýy maslahat etmegi planlaşdyrýar.

Premýer-ministr Teresa Maýyň ýolbaşçylygynda we baş ministrleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda 66 ýaşly Sergeý Skripaly we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýany öldürmek boýunça synanyşygyň derňewine degişli soňky maglumatlara serediler.

Resmiler 4-nji martda nerwe zeper ýetiriji madda bilen zäherlenen ataly-gyzyň saglyk ýagdaýynyň “agyr, emma durnukly” galýandygyny aýdýarlar.

Skipala we onuň gyzyna kömek berensoň kesellän polisiýa ofiseriniň saglyk ýagdaýy hem ýaramazlygyna galýar.

Derňewleriň başlanmagyna sekiz gün boldy, nerwe täsir beriji maddanyň gelip çykyşy heniz köpçülige mälim edilmedi.

“Biz premýer-ministriň beýanat bilen tiz wagtda çykyş etmegine garaşýarys we onuň Kremle tarap görkezmedik ýagdaýynda men çynlakaý geň galaryn” diýip, britan kanun çykaryjysy Tom Tugendhat BBC radiosyna aýtdy.

Kreml bu ýagdaýa gatnaşygyny ret edýär we Orsýete garşy isteriýanyň britan mediasy tarapyndan tutaşdyrylýandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG