Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetli meşhur režissýor Oleg Tabakow 82 ýaşynda aradan çykdy


Oleg Tabakow "Kaputsinow bulwaryndan bir adam" atly kartinada

Orsýetli meşhur režissýor Oleg Tabakow 82 ýaşynda aradan çykdy. Tabakowyň ýolbaşçylygyndaky “Tabakerka” atly teatr öz websaýtynda režissýoryň gara fondaky suratyny çap etdi.

Tabakow postsowet giňişliginde iňňän meşhur teatr we kino aktýordy.

Oleg Tabakow “Uruş we parahatçylyk”, “Baharyň 17 pursady”, “D’Artagnan we üç muşketýor” ýaly meşhur kinokartinalaryň ençemesinde özüne çekiji rollary ýerine ýetirdi.

Tabakow Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmak hereketinde prezident Wladimir Putine goldaw bildiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG