Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine Moskwanyň gatnaşygy ýok diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 13-nji mart, 2018
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 13-nji mart, 2018

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Britaniýada öňki goşa gizlin agent Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine gatnaşygynyň bolup bilmegini ret etdi.

Şeýle-de, Lawrow Moskwanyň, nerwe täsir beriji maddanyň Skripalyň we onuň gyzynyň Salisbury şäherinde zäherlenmegi üçin nädip ulanylandygy barada Britaniýanyň 13-nji martyň aýagyna çenli wagt möhletini berip, öňe süren sowalyna jogap bermejegini aýtdy.

“Biz, elbetde ultimatumy eşitdik” diýip, Lawrow Britaniýanyň häkimiýetleriniň 12-nji martda kesgitlän wagt möhleti barada eden çykyşynda aýtdy. Munuň öňüsyrasynda Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý polisiýa tarapyndan adam öldürmek boýunça synanyşyk hökmünde kesgitlenen wakanyň aňyrsynda Orsýetiň bolmagynyň “örän ähtimaldygy” barada çykyş edipdi.

Emma Lawrow Britaniýanyň Orsýeti güman edilýän himiki hüjümde aýyplamak üçin zerur düzgünleri berjaý etmändigini we waka degişli dokumentleri bermändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG