Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Eýran bilen ýadro ylalaşygy goldamagyny dowam etdirýär


ABŞ-nyň merkezi harby ýolbaşçylygynyň baştutany general Josef Wotel

ABŞ-nyň baş harby ýolbaşçysy Pentagonyň Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny goldamagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Pentagonyň bu beýanaty ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň wezipesini terk edýändigi barada yglan edilmeginden birnäçe sagat yzýanyna gabat geldi. Tillerson ABŞ-nyň administrasiýasynyň Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň esasy goldawçysydy.

ABŞ-nyň merkezi harby ýolbaşçylygynyň baştutany general Josef Woteliň 13-nji martda Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetine aýtmagyna görä, ol öz göz garaýyşlaryny goranmak sekretary Jim Mattis we Birleşen harby ýolbaşçylygynyň başlygy Joe Dunford bilen paýlaşypdyr we meseläniň ABŞ üçin bähbitli bolmagynda galýandygyny belläpdir.

Woteliň beýanaty prezident Donald Trampyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy ýene tankyt etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG