Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Trampyň Tillersony çetleşdirmegi ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmak niýetini görkezýär diýdi


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň döwlet sekretary Reks Tillersony wezipesinden çetleşdirmegi ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çekilmek niýetini görkezýär diýip, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary aýdy.

“ABŞ ýadro ylalaşygyndan çykmagy niýet edinýär we Döwlet departamentindäki özgerişlikler şol maksatlar bilen amala aşyryldy, ýa-da sebäpleriň biri boldy” diýlip, Abbas Aragçiniň 14-nji martda aýdandygy habar berildi.

Tramp 13-nji martda Tillersony wezipesinden çetleşdirýändigini aýdyp, onuň ýerine Merkezi aňtaw agentliginiň başlygy Mike Pompeony belleýändigini we onuň Eýranyň ýadro ylalaşygyna Tillersondan has tankydy garaýandygyny aýtdy.

Dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygynda Tähranyň ýadro programmasynyň çäklendirilmegi we Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG