Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýanyň prezidenti alban dili baradaky kanuna gol çekmekden ýüz öwürdi


Makedoniýanyň prezidenti Gjorge Iwanow
Makedoniýanyň prezidenti Gjorge Iwanow

Makedoniýanyň prezidenti Gjorge Iwanow ýurtda alban diliniň öwredilmegini ýaýbaňlandyrmak hakynda parlament tarapyndan makullanan kanuna gol çekmekden ikinji gezek ýüz öwürdi. Iwanowyň bu hereketi kiçi Balkan ýurduna syýasy krizisiň dolanmagyna töwekgelçilik dörýär.

14-nji martda parlament binanyň içinde we daşynda protestler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň töwekgelçiliginiň astynda bu kanuny makullamaga mejbur boldy.

Iwanow kanuna gol çekmekden ýanwar aýynda hem ýüz öwrüpdi.

“Diller baradaky kanun adalatsyz we repressiw, ol diňe bir dile artykmaçlyk berýär” diýip, VMRO-DPMNE atly oppozision partiýanyň ýarany Iwanow 14-nji martda parlamentde geçirilen ses berişligiň yzýany görkezilen wideo çykyşynda aýtdy.

Kanun 120 adamlyk parlamentiň 64 agzasy tarapyndan tassyklandy.

XS
SM
MD
LG