Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen bagly dawada ýaranlary Britaniýany goldaýar, ýöne gyssagly gaýtawul ýok


Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Jonson
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Jonson

Britaniýa öňki içalynyň harby zäherli gaz bilen zäherlenmegi boýunça 23 rus diplomatyny ýurtdan kowýandygyny mälim edensoň, ýaranlary Britaniýany goldap çykyş etdi ýöne hadysa bilen bagly dessine reaksiýa görkezmediler.

Ak tam 14-nji mart güni beýanat ýaýradyp, “Birleşen Ştatlary iň ýakyn ýaranyna jebisligini beýan edýär we Orsýetiň hüjümden jogapkärdigi barada Beýik Britaniýanyň gelen netijesine goşulýar” diýdi.

Ak tam diplomatlaryň ýurtdan kowulmagyny Orsýetiň “soňky hereketine” “jogap” atlandyrdy we Orsýetiň halkara kanunçylyga esaslanýan düzgün-nyzamy, şeýle-de dünýädäki beýleki ýurtlaryň bütewiligini we howpsuzlygyny äsgermezlik edip, Günbataryň demokratiki düzümlerine we prosesini abraýdan gaçyrmaga synanyşýandygy üçin oňa berlen jogabyň ýerliklidigini aýtdy.

Ak tam “şeýle ýaramaz hüjümleriň ýene-de gaýtalanmazlygyny” gazanmak üçin ýaranlar bilen bilelikde iş alyp barýandygyny aýtdy, ýöne gyssagly berilmeli gaýtawul boýunça hiç zat teklip etmedi.

Fransiýa-da şuňa meňzeş reaksiýa görkezip, Britaniýa goldawyny we aladalaryny beýan edýändigini aýty, ýöne “gaýtawul hyzmatdaşlygy boýunça kararyň öňümizdäki birnäçe sagadyň dowamynda” alynjakdygyny wada berdi. Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Iw Le Drianyň (Jean-Yves Le Drian) 14-nji martda ýaýradan beýanatynda Orsýet agzalmaýar.

Meý bu çäräni soňky 30 ýylyň dowamynda san taýdan iň köp orsýetliniň ýurtdan kowulmagy häsiýetlendirdi. Şol bir wagtyň özünde ol Britaniýanyň Orsýet bilen göz öňünde tutulýan ähli ýokary derejeli gatnaşyklary togtadýandygyny, hökümet resmileriniň we şa maşgalasynyň iýun-iýul aýlarynda Orsýetde geçirilýän Dünýä çempionatyny boýkot edýändigini aýtdy.

66 ýaşly Skripalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýulia Skripalyň öldürilmäge synanyşylmagynda, şol sanda Selizböride ýaşaýan beýleki britan raýatlarynyň janyna howp salynmagynda rus döwletiniň aýybynyň bardygyny çaklamakdan başga alternatiw netije ýok” diýip, Meý belledi. Ol “Rus döwletiniň Birleşen Karollyga garşy bikanun güýç ulanmagyny” ýazgaryp, Britaniýanyň rus döwletiniň emläklerini, haçan-da olaryň britan raýatlarynyň ýa-da ýaşaýjylarynyň janyna ýa-da emlägine howp salmakda ulanylandygy subut edilse, doňduryljakdygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda Orsýet Britaniýa we onuň ýaranlary bilen sözli dawalaşdy. Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Jonatan Allen Howpsuzlyk Geňeşiniň zäherlenme hadysady boýunça Orsýeti jogapkärçilige çekmek boýunça tagalla etmek üçin ýygnaga çagyrylandygyny aýtdy.

Allen Orsýeti “Nowiçok” diýlip tanalýan we Skripaly zäherlemekde ulanylan zäherli gazy öndürmek bilen BMG-niň himiki ýaraglar konwensiýasyny bozandygyny aýtdy.

Orsýetiň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenza çaklamalary ret etdi we Britaniýany zäherlenme hadysasy bilen bagly “kakynly atmosfera” döretmekde aýyplady.

Nebenzýa “Nowiçogyň” ulanylandygy barada Britaniýanyň Orsýete subutnama hödürlemändigini aýtdy.

ABŞ-nyň BMG-daky ilçisi Nikki Heýliý Selizböride bolan hadysanyň soňky döwürde “himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň hopukdyryjy ýagdaýda ýygylaşýandygyny aýtdy we Siriýada amala aşyryldy diýilýän himiki hüjüm boýunça raportlara-da salgylandy.

“Şu howply hem-de durnuksyzlaşdyryjy hereketlerde esasy alada Orsýetdir” diýip, ol aýtdy we Orsýeti “Nowiçogy” öndürmek bilen bagly özlerinde bar bolan ähli maglumatlary Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama bermegi tabşyrdy.

“Biz Orsýeti yzygiderli tankyt edip lezzet alamyzok, ýöne Orsýet bizi şeýle etmäge mejbur etmeli däl” diýip, Heýli aýtdy.

“ABŞ Orsýeti tankyt etmegini bes eder, haçan-da rus hökümeti öz duşmanlaryny himiki ýarag bilen öldürmegini bes etse, haçan-da rus hökümeti özüniň siriýaly ýaranlaryna siriýaly çagalary himiki ýaraglar bilen öldürmekde ýardam bermegini bes etse” diýip, Heýli belledi.

“Biz Orsýete jogap berdirip bilmesek bu geňeşiň abraýy galmaz” diýip, Heýli sözüniň üstüni ýetirdi.

13-nji martda Meý Moskwadan zäherli gazyň Angliýa nädip gelendigi barada düşündiriş bermegini sorady we oňa ýary gijä çenli wagt beripdi.

4-nji martda Sergeý we Ýuliýa Skripal Selizböridäki bir söwda merkeziniň daşyndaky oturgyçlaryň birinde huşuny ýitiren ýagdaýda tapyldylar. Olaryň ikisi-de, şol sanda olary halas etmäge gatnaşan britaniýaly polisiýa ofiseri häzirki wagtda hassahanada agyr ýagdaýda saklanýar.

Moskwanyň harby kazyýeti 2006-njy ýylda rus harby razwedkasynyň hormatly dynç alyşdaky polkownigi Skripaly Britaniýanyň gizlin maglumat gulluklaryna, has takygy MI6-a syr bermekde aýyplap höküm çykarypdy.

Ol Birleşen Ştatlarda saklanan 10 orsýetli agent bilen 2010-njy ýylda almaşylan dört rus tussagyndan biridi. Britaniýaly häkimiýetler onuň soňra Britaniýanyň raýatlygyna geçendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG