Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Britaniýa jogap berip, britan diplomatlaryny Orsýetden çykarjagyny aýtdy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Britaniýanyň öňki gizlin agent Sergeý Skripalyň zäherlenmegi bilen baglylykda 23 sany orsýet diplomatyny ýurtdan çykarmagyna jogap hökmünde, Moskwanyň britan diplomatlaryny ýurtdan çykarjagyny aýtdy.

16-njy martda Gazagystanyň paýtagtynda žurnalistleriň soragyna jogap berip, Lawrow: “Elbetde biz ederis" diýdi, emma britan diplomatlarynyň näçesini we haçan çykarjagyny aýtmady.

Orsýet prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň jogabynyň “islendik pursatda bolup biljekdigini” aýtdy.

Britaniýa öňki gizlin goşa agent 66 ýaşly Sergeý Skripaly we onuň 33 ýaşly gyzyny Sowet Soýuzynda öndürlen zäherli madda bilen öldürmäge synanyşyk diýip atlandyrýan ýagdaýyň aňyrsynda Orsýetiň durandygyny aýdýar. Orsýet aýyplamalary ret edýär.

Ataly-gyz 4-nji martda Salisbury şäherinde agyr halda tapylypdy.

XS
SM
MD
LG