Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Orsýet, elbetde, britan diplomatlaryny ýurtdan kowar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Britaniýanyň ozalky agente edilen hüjüm bilen baglylykda, 23 rus diplomatyny ýurtdan çykarmagyna jogap hökmünde, Moskwanyň britan diplomatlaryny ýurtdan kowjakdygyny aýtdy.

16-njy martda Gazagystanyň paýtagtynda özüne Orsýetiň britaniýaly diplomatlary kowup-kowmajakdygy barada berlen soraga Lawrow: “Elbetde, kowarys!” diýip jogap berdi, ýöne anyk haçan ýa-da näçe diplomatyň ýurtdan çykaryljakdygy barada aýdyň maglumat bermedi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow soňra žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, Britaniýanyň gören çärelerine Orsýetiň “ýakyn wagtda” gaýtawul berjekdigini aýtdy.

Peskow hem detallary agzamazdan, Orsýetiň gaýtargysynyň “oýlanyşykly” kararlaşdyryljakdygyny we “ýurduň bähbitlerine doly gabat gelýän” çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Britaniýa 66 ýaşly Sergeý Skripalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýulianyň Sowet döwrüniň zäherli gazy bilen öldürilmäge synanyşylmagyndan, Orsýetiň jogapkärdigini aýdýar. Olaryň ikisi-de 4-nji martda Angliýanyň günortasynda ýerleşýän Selizböri şäherindäki bir söwda merkeziniň öňündäki oturgyçda huşsuz ýagdaýda tapyldy. Olar häzir hassahanada saklanýar we ýagdaýlary agyr bolmagynda galýar.

Premýer-ministr Tereza Meýiň içaly atlandyran 23 rus diplomatyny Britaniýadan kowmak bilen bir hatarda, ol 14-nji martda eden çykyşynda, Orsýet bilen göz öňünde tutulýan ýokary derejeli gatnaşyklaryň togtadyljakdygyny, Lawrowa edilen çakylygyň ýatyrylýandygyny we britan ministrleriniň hem-de şa maşgalasynyň üstümizdäki tomusda Orsýetde geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de, Meý wehim salýandygy barada subutnama tapylanda, rus döwletiniň Britaniýadaky emläkleriniň doňduryljakdygyny aýtdy.

Bu hadysa bilen bagly gazap Ukrainadaky rus agressiýasy, ABŞ-da we beýleki Günbatar ýurtlarynda geçirilen saýlawlara rus gatyşygy sebäpli Orsýet bilen Günbataryň arasynda ozalam yzygiderli dowam edýän dartgynlylygy has-da alawlandyrdy.

Bu 18-nji martda geçiriljek saýlawalary sorag astyna alýar. Saýlawlarda 1999-njy ýyldan bäri ýa prezidentiň ýa-da premýer ministriň wezipesini eýelän Wladimir Putiniň ýene 6 ýyl möhlete prezidentlik wezipesine saýlanmagyna garaşylýar.

15-nji martda Britaniýanyň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri hüjümi ýazgaryp, muny “Britaniýanyň bütewiligine edilen hüjüm” atlandyrdylar.

“Harby zäheriň Orsýetde öndürilen görnüşiniň ulanylmagy II Jahan urşundan bäri ilkinji gezek Ýewropada şeýle gazyň ulanylmagydyr” diýip, liderler aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp habarçylaryň öňünde eden çykyşynda, zäherli gazyň ulanylmagy “gürrüňsiz” Orsýetiň “işine meňzeýär” diýdi. Hadysada bir polisiýa ofiseri hem ýaralandy. Polisiýa gullugynyň maglumatyna görä, bu hadysa boýunça 21 adam saglyk gözegçiliginde saklanýar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stottenberg Selizböridäki “kabul ederliksiz” hüjümiň “Orsýetiň ýyllap dowam edýän biperwaý häsiýetine kybap” amala aşyrylandygyny aýtdy.

16-njy martda Täze Zelandiýa Orsýet bilen erkin söwda boýunça meýilleşdirilýän ylalaşygy togtadýandygyny aýtdy. Ýurduň premýer ministri Ýakinda Arderniň we daşary işler ministri Winston Pitersiň bilelikde ýaýradan beýanatynda, zäheriň Orsýetden gelendigine başgaça düşündiriş ýokdugy nygtaldy.

Täze Zelandiýa Orsýet, Belarus we Gazagystan bilen 2010-njy ýylda ylalaşyk gepleşiklerine başlady, ýöne 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy bilen gepleşikler togtadyldy.

Bu aralykda, Britaniýanyň Zähmet partiýasynyň lideri Jeremi Korbin Orsýet bilen “täze Sowuk urşy” başlatmaga howlukmaly däldigini, onuň günäkärdigini subut edýän subutnamalaryň zerurdygyny aýtdy.

“Polisiýanyň ýygnaýan subutnamalaryndan öňe geçip howlukmak... ne adalata, ne-de biziň milli howpsuzlygymyza hyzmat eder” diýip, Korbin The Guardian gazetinde ýazan makalasynda aýtdy.

Korbin Zähmet partiýasynyň rus prezidenti Wladimir Putiniň tarapyny tutmaýandygyny we eger hüjümi şolar eden bolsa, Orsýetiň jogap bermelidigini aýtdy.

“Beýle diýildigi ýarag çykdajylaryny artdyrýan “täze sowuk urşuna girmeli”, “dünýäniň çar künjünde proksi çaknyşyklaryny başlatmaly” we “ dürli pikirlilige MakKarti çydamsyzlygyny görkezmeli” diýildigi däldir” diýip, ol ýazýar.

Britaniýaly resmiler Selizböride ulanylan zäheriň Sowet döwründe öndürilen we “Nowiçok” atlandyrylýan zäheriň bir görnüşidigini aýdýarlar.

Moskwa özüne berlen wagtyň dowamynda zäheriň Britaniýa nädip gelip düşendigi barada düşündiriş bermänsoň, 14-nji martda Meý Orsýeti günäkärledi.

Lawrow we beýleki rus resmileri bu hadysa Moskwanyň gatyşygyny ret edýär we britan resmilerini hem-de mediasyny Orsýete garşy duýgulara meçew bermekde aýyplaýar.

16-njy martda The Telegraph gazeti ýokary derejeli anonim çeşmelere salgylanyp, aňtaw gulluklarynyň Ýulia Skripal Moskwadan Britaniýa kakasyny görmäge gaýtmazdan ozal onuň sumkasyna zäherli gazyň ýerleşdirilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Moskwanyň harby kazyýeti 2006-njy ýylda rus harby razwedkasynyň hormatly dynç alyşdaky polkownigi Skripaly Britaniýanyň gizlin maglumat gulluklaryna, has takygy, MI6-a syr bermekde aýyplap höküm çykarypdy. Ol Birleşen Ştatlarda saklanan 10 orsýetli agent, şol sanda Anna Çapman bilen 2010-njy ýylda almaşylan dört rus tussagyndan biridi.

XS
SM
MD
LG