ABŞ we Ýewropa ýurtlary Eýranyň ballistik raketalaryny özleşdirilmek programmasyny we Ýakyn Gündogardaky konfliktlere goşulmagyny nazar alyp, Tähran bilen ýadro programmasy boýunça gelnen ylalaşyga girizilmegi mümkin “goşmaçalary” maslahat edýärler.
Bu barada ABŞ-ly diplomat mälim edip, ýaranlaryň bu barada 16-njy martda Wenada “örän oňat” gepleşikleri geçirendiklerini hem sözüne goşdy.
Reuters habarlar gullugy Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Eýranyň ballistik raketalar programmasy we Siriýadaky graždançylyk urşundaky roly sebäpli, Tährana garşy Ýewropa Bileleşiginiň täze sanksiýalaryny hödürländiklerini habar berýär.
ABŞ-ly diplomat prezident Donald Trampyň, Eýranyň raketa programmasy, şeýle-de Siriýadaky we Ýemendäki konfliktlere goşulmagy sebäpli, Ýewropa ýurtlary bilen 2015-nji ýylda gelnen ylalaşyk bilen baglylykda goşmaçalaryň girizilmegini gazanjak bolýandygyny hem belledi.