Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pense Pakistan söweşijilere garşy göreşde has köp tagalla etmeli diýdi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense (Mike Pence) Pakistanyň premýer-ministri Khakan Abbasi bilen söhbetdeşliginde, Yslamabadyň Waşington bilen has ýakyn işleşmelidigini, şeýle-de “Talyban” we beýleki söweşiji toparlara garşy göreşde has köp tagalla etmelidigini aýtdy. Bu barada Ak Tam maglumat berýär.

Beýanatda gepleşikleriň anyk wagty, ýeri ýa-da mazmuny takyklaşdyrylmaýar. Emma, habar agentlikleri duşuşygyň wise-prezidentiň Waşingtondaky rezidensiýasynda geçendigini aýdýarlar.

Malgumata görä, Abbasi ABŞ-da öz şahsy işleri bilen bolup, duşuşygyň geçirilmegini özi haýyş edipdir.

Geçen ýyl prezident Donald Tramp eger-de Yslamabat has aýgytlaýjy hereket edip başlamasa, ýyllyk berilýän 2 milliard dollarlyk harby kömegini togtatjakdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG