Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň goldaw bermegindäki güýçler Siriýanyň Afrin şäherine girdi


Türkiýäniň goldaw bermegindäki siriýalylar Afrin sebitine gözegçilik edýärler.

Türkiýäniň goldaw bermegindäki güýçleriň Siriýanyň Afrin şäheriniň merkezine aralaşandygy habar berilýär. Bu sebitde türk güýçleri iki aýdan gowrak wagt bäri Siriýanyň kürt söweşijileri bilen çaknyşýarlar.

Ankara Afrindäki kürt güýçlerini, Türkiýedäki kürt jeňçileri bilen ilteşigi üçin, terrorist hökmünde häsiýetlendirýär.

Türk habar agentlikleri Türkiýäniň goldaw bermegindäki siriýa güýçleriniň şäheriň merkezinde ‘gözegçiligi ornaşdyrandygyny’ habar berdiler.

Soňky günlerde sebitden müňlerçe adam öýlerini terk etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG