Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmensähra türkmenleriniň ene dili aladalary


Eýranly türkmen gyzy

Dünýä türkmenleriniň Türkmenistan bilen goňşyçylykda kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri hem Eýran. Eýranda ýaşaýan etniki türkmenlere il arasynda "Türkmensähra türkmenleri" hem diýilýär.

Türkmensährada ýaşaýan türkmenleriň ilat sany barasynda takyk maglumatlar ýokdugyna garamazdan, käbir çeşmelerde olaryň ilat sanynyň 3-3,5 million töweregindedigi ýaly çaklamalar öňe sürülýär. Olaryň Eýranda ýaşaýan adminstratiw sebitine Gülistan welaýaty diýilýär. Gülistan welaýatynyň merkezi hem Gümmet-kowus şäheridir.

Eýsem, Eýrandaky etniki türkmenleriň ene dili ýagdaýy nähili? Türkmensähra türkmenleriniň ene dili tejribeleri häzirki döwürde ýaş nesillere nähili täsirini ýetirýär? Eýrandaky türkmenleriň ene dili tejribeleriniň beýleki dünýä türkmenleri üçin nähili nusgalyk taraplary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniň ene dili barasynda eden aladalary we edýän tagallalaryna gönükdirýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginde Türkmensähra türkmenleriniň Ýewropadaky diasporasynyň öňdebarjylaryndan Ýusup Gor bilen Eýrandaky türkmenleriň medeni öňbaşçylaryndan Ýusup Nurtagany bu ugurda dünýä türkmenlerine maglumat berip, öz tejribelerini paýlaşýar.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkmensähra türkmenleriniň ene dili aladalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Teswirleri gör (3)

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG