Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Orsýetiň prezidenti wezipesiniň dördünji möhletine eýe boldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz saýlaw ştabynda, Moskwa, 18-nji mart, 2018.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin düýpli bidüzgünçilikler we raýatlara görkezilen basyş üçin tankyt edilen saýlawlarda Orsýetiň prezidenti wezipesiniň dördünji möhletine eýe boldy.

Saýlawlarda galplyklara ýol berilmegi bilen bagly tankytlara garamazdan, Putin Moskwanyň öňki sowet diktatory Iosif Stalinden has uzak oturan liderine öwrüldi we alty ýyllyk prezidentlik möhletine eýe boldy.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa 18-nji martda geçirilen saýlawlarda sesleriň 99.8%-niň sanalmagynyň netijesinde Putiniň 76.7% ses toplandygyny yglan etdi.

Saýlawlarda beýleki kandidatlar Putinden öran uzakda galdy.

“Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 67.47%, ýa-da 73.36 million adama barabar boldy” diýip, Pamfilowa 19-njy martda telewizion çykyşynda aýtdy.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda Orsýetiň mediasynyň Kremliň ady agzalmadyk çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, hökümet ilatyň gatnaşyk derejesiniň 70% boljagyna we sesleriň 70%-niň Putine berilmegine garaşypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG