Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Orsýetiň saýlawlarynda “hakyky bäsdeşligiň” ýetmezçilik edendigini belledi


ÝHHG-niň Orsýetdäki gysga möhletli synçylar missiýasynyň ýolbaşçysy we ýörite koordinatory Mihael Georg Link

ÝHHG Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynda “hakyky bäsdeşligiň” ýetmezçilik edendigini we ses berijilerde saýlamaga hakyky şertleriň bolmandygyny aýtdy.

“Birleşmek, ýygnanmak we geplemek boýunça esasy azatlyklaryň çäklendirilmegi ... syýasy gatnaşyklar üçin giňişligi daraldýar we hakyky bäsdeşligiň ýetmezçiligine getirýär” diýip, 19-njy martda ÝHHG-niň Orsýetdäki gysga möhletli synçylar missiýasynyň ýolbaşçysy we ýörite koordinatory Mihael Georg Link žurnalistlere aýtdy.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy 18-nji martda geçirilen saýlawlarda sesleriň 99.8%-niň sanalmagynyň netijesinde Putiniň 76.7% ses toplandygyny yglan etdi.

ÝHHG-niň resmisi ses berişligiň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan guramaçylykly geçirilendigini belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG