Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Eýranyň halkyny Nowruz bilen gutlap, hökümetini tankyt etdi


ABŞ-nyň prezindeti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezindeti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranlylara we Nowruz baýramyny belleýän beýleki musulman ýurtlaryna gutlag bilen ýüzlendi we Eýranyň hökümetini we täsirli Yslam Rewolýusiýasynyň Gwardiýasyny berk tankyt etdi.

“Men dünýäniň dürli ýerlerinde bahar baýramyny toýlaýan millionlarça adama owadan we mübärek Nowruz arzuw edýärin” diýip, Tramp 19-njy martda iberen gutlag beýanatynda aýtdy.

Tramp öz gutlagynda Eýranyň halkynyň “halka hyzmat etmegiň deregine özlerine hyzmat edýän hökümdarlaryň” ýüküni çekýändigine ynanýandygyny belledi.

Tramp aýratyn-da Rewolýusion gwardiýasyny “daşary ýurtlarda terrorizmi maliýeleşdirmek üçin Eýran halkyna zulum-sütem edýän olaryň baýlygyny talaýan duşman goşun” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, ol Rewolýusion gwardiýasynyň Siriýanyň hökümetini we Siriýanyň, Yragyň hem Ýemeniň şaýy ýarym harby toparlaryny goldamak üçin 16 milliard dollardan agdyk çykdajy edendigini aýtdy.

Şeýle-de, ABŞ-nyň prezidenti Tährany Eýranyň halkyny tozdurmakda, daşky gurşawy dargatmakda we raýat hukuklaryny basyp ýatyrmakda aýyplady. Trampyň geçen ýylda Nowruz mynasybetli iberen gutlag beýanatynda syýasat agzalmandy.

XS
SM
MD
LG