Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabulyň şaýy metjidinde bomba partlamasy zerarly azyndan 29 adam wepat boldy


Partlamanyň yzýany, Kabul, 21-nji mart, 2018

21-nji martda Kabulyň şaýy metjidinde bolan bomba partlamasynda azyndan 29 adam wepat boldy we 50-den gowrak adam ýaralandy diýip, Owganystanyň Saglyk ministrligi habar berdi.

“Gynansak-da, hadysada 29 sany owgan raýaty janyny berdi we 52 adam ýaralandy” diýip, ministrligiň metbugat-wekili Wahidullah Majrooh AÝ/AR-na aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekiliniň orunbasary Nusrat Rahiminiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, hüjümde wepat bolanlaryň aglaba köpüsi raýatlardy.

Jogapkärçiligi “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topar tarapyndan öz üstüne alnan hüjüm Owganystanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň Nowruz baýramyny bellän wagtynda ýüze çykdy.

Hüjümçi bombany metjidiň girelgesinde partlatdy diýip, Kabulyň polisiýasynyň jenaýat derňew bölüminiň başlygy Mohammad Salem Almas aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG