Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin halkara doping düzgünlerini üýtgetmegiň ýoluny gözlemegi tabşyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň ilçilerine Orsýetiň 2015-nji ýylyň baharyndan bäri iri halkara ýaryşlaryndan çetleşdirilmegine sebäp bolan halkara doping düzgünlerini üýtgetmek üçin ýol tapmagy tabşyrdy.

Putiniň dördünji prezidentlik möhletine saýlanmagynyň yzýany 20-nji martda eden bu birinji kararynda Daşary işler ministrliginiň dünýäde dopinge garşy çäreleriň esasynda duran baş ylalaşyklary üýtgetmäge synanyşmalydygy aýdyldy.

BMG-niň UNESCO fondy bilen işleşýän orsýet diplomatlary Sportda dopinge garşy häzirki halkara konwensiýasyny “kämilleşdirmegi” maksat edinmeli we “düzgünleriň açyk hem örän aýdyň” bolmagyny gazanmaly diýip, Putin aýtdy.

UNESCO-nyň ylalaşygy Dopinge garşy bütindünýä agentligi tarapyndan dolandyrylýan dopingi barlamak boýunça global sistemasy üçin ulanylýar. Dopinge garşy bütindünýä agentligi Orsýeti sportsmenleriň dopinge baş goşmagyny döwlet tarapyndan goldamakda aýyplap, ýüzlerçe orsýet sportsmeniniň 2017-nji ýylyň tomusky olimpiýa oýunlaryna we 2018-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna gadagançylyk girizipdi.

Orsýetiň dopinge baş goşmagyna degişli aýyplamalary ret edýän Putin soňky beýanaty bilen 20-nji martda, “Bitarap paralympik atletler” toparynyň düzüminde çykyş eden orsýet sportsmenlerini sylaglamak boýunça dabarada çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG