Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl 2007-nji ýylda Siriýada güman edilýän ýadro reaktoryny ýumurandygyny boýun aldy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň harbylary 2007-nji ýylda Siriýanyň güman edilýän ýadro reaktoryny ýumurandygyny ilkinji gezek formal taýdan boýun aldylar we howadan edilen hüjümleriň netijesinde Ysraýyla garşy howpy aradan aýyrandygyny aýdyp, munuň başgalara “duýduryş” bolandygyny bellediler.

Ysraýylyň 21-nji martda eden bu beýanatyna onuň ganym duşmany Eýrana duýduryş hökmünde seredildi.

Ysraýyl Eýranyň Siriýada, aýratynam ýurduň Ysraýyla ýakyn böleklerinde, harby taýdan ornaşmagyna garşy duýduryş berip gelýär. Geçen aýda Ysraýyl Eýranyň sürüjisiz uçaryny urup gaçyrdy we onuň öz howa giňişligini bozandygyny aýtdy.

Ysraýylyň 2007-nji ýylda Siriýanyň güman edilýän ýadro reaktoryny ýumurmagy barada habary häzir köpçülige mälim etmek karary Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň ABŞ we halkara jemgyýetçiligine Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýakyn ýarany Eýran babatynda has berk çäre görmäge eden çagyryşynyň yzýanyna gabat geldi.

Netanýahu Ysraýylyň Eýrana Siriýada raketalary öndüriji desgalary gurdurmajagyny we Liwanda şaýylaryň “Hizballah” toparyna ösen ýarag berdirmejegini birnäçe gezek duýdurypdy.

XS
SM
MD
LG