Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabulda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan 29 adam öldi


Partlamada ýaralanan adam keselhana alnyp barylýar.

Kabuldaky şaýy metjidiniň daşynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan 29 adam ölüp, 50-den gowrak adam ýaralandy diýip, Owganystanyň saglyk ministrligi habar berýär.

“Gynansagam bu hadysada 29 owgan raýaty wepat boldy, başga-da 52 adam ýaralandy” diýip, ministrligiň metbugat wekili Wahidullah Majruh Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

21-nji martda owgan paýtagtynda Nowruz baýramçylygyny gutlaýan adamlaryň üstüne edilen bu hüjümiň jogapkärçiligini Yslam döwleti (YD) ekstremist topary öz üstüne aldy.

Polisiýa bombaçyny, ol Kabulyň “Karte Sahi” metjidinde Nowruz baýramçylygyny belleýän jemendäniň arasyna girmäge synanyşanda görýär diýip, Kabulyň polisiýasynyň derňew bölüminiň başlygy Mohammad Salem Almas AÝ/AR-a gürrüň berdi.

Hüjümçi özüniň geýen partlaýjy maddalaryny metjide girmänkä partladýar, diýip Almas aýtdy.

YD “Amak” habar agentliginde çap eden hatynyň üsti bilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýtdy.

“Kabul şäherinde şaýylaryň geçirýän Nowruz baýramçylyk ýygnanyşygynda janyndan geçeniň halady bilen şehitlik operasiýasy amala aşyryldy” diýlip, agentligiň maglumatynda aýdylýar.

Agzalýan hüjüm adamlar şäheriň esasy uniwersitetiniň ýanynda ýerleşýän metjitden çykyp barýarkalar amala aşyryldy. Bu hüjüm paýtagtda şaýylara edilýän hüjümleriň dowamydyr.

Jeňçiler “Karte Sahi” metjidine ozalam hüjüm edipdiler.

Agzalýan hüjüm barada hiç bir jeňçi topar dessine jogapkärçilik almandy, ýöne “Talyban” we “Yslam döwleti” soňky aýlarda Kabuldaky hüjümlerini ýygjamlaşdyrýar. “Yslam döwletiniň” jeňçileri şaýy azlyklaryna dinden çykan hökmünde garaýar.

Nowruz Owganystanda giňden bellenýän milli baýramçylykdyr, ýöne käbir fundamentalist musulmanlar muňa “yslama gabat gelmeýär” diýip garşy çykýarlar.

Owgan resmileri hüjümiň pidalarynyň sanynyň artmagyndan gorkýarlar.

Hökümet howpsuzlygy pugtalandyrmagy wada berse-de şeýle partlamanyň amala aşyrylmagy şähere abanýan wehime ünsi çekýär.

“Talyban” ýanwar aýynda Kabulda daşary ýurt ilçihanalarynyň we hökümet binalarynyň ýerleşýän ýerinde hüjümi amala aşyryp tas 100 golaý adamy öldürdi.

Şeýle-de, Talybanyň jeňçileri ýanwar aýynda Kabulda ýerleşýän ýokary amatlykly bir otele eden beýleki bir hüjüminde 22 adamy öldürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG