Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenkonyň eldegrilmesizlik hukugy ýatyrylyp, tussag edildi


Kanunçykaryjy we öň Russiýada ýesirlikde saklanan Nadia Sawçenko
Kanunçykaryjy we öň Russiýada ýesirlikde saklanan Nadia Sawçenko

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri kanunçykaryjy we öň Russiýada ýesirlikde saklanan Nadia Sawçenkony tussag etdiler. Sawçenko kanun çykaryjy organa “terrorçylykly” hüjümiň dildüwşügni etmekde aýyplanýar.

22-nji martda ukrain kanunçykaryjylary Sawçenkonyň eldegrilmesizlik hukugyny ýatyrmagy goldap ses berenden soň, howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri ony parlamentiň içinde tussag etdiler.

Şonda Sawçenkonyň eline onuň şübhelidigi baradaky resminama gowşurylyp, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (SBU) ofiserleri onuň ellerine gandaly geýdirmän alyp gitdiler.

15-nji martda Lutsenko Sawçenkonyň parlamentiň üçegine minomýotly hüjüm etmegi we şonda aman galan kanunçykaryjylary tüpeň bilen ot açyp, öldürmegi planlaşdyrandygyny öňe sürüpdi.

Lutsenkonyň bu aýyplamalary Sawçenkonyň Wolodymyr Rubanyň sud işine garşy şaýat hökmünde Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugyna (SBU) çagyrylyp, soraga çekilendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Gündogar Ukrainadaky konflikt zonada uruş ýesirleriniň alyş-çalşygyny guramalaşdyran Ruban Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygyndaky territoriýadan ýaraglaryň we ok-däri serişdeleriniň uly göwrümini kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplanyp, şu ýylyň mart aýynyň başynda tussag edilipdi. Soňra ol ukrain prezidenti Petro Porşenkony we ýokary derejeli beýleki resmileri öldürmegiň dildüwşügini etmekde aýyplandy.

XS
SM
MD
LG