Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly pitneçiler Goutadaky şäherçeden ewakuasiýa edildi


Siriýanyň gündogaryndaky Goutada ýerleşýän Harasta şäherçesine hökümet güýçleriniň amala aşyran bombaly hüjümlerinden soň, jaýlaryň arasyndan çykýan tüsse
Siriýanyň gündogaryndaky Goutada ýerleşýän Harasta şäherçesine hökümet güýçleriniň amala aşyran bombaly hüjümlerinden soň, jaýlaryň arasyndan çykýan tüsse

Russiýanyň araçylyk etmeginde gelnen ewakuasiýa ylalaşygynyň çäginde siriýaly pitneçiler awtobuslara münüp, gündogar Goutadaky şäherçeden çykdylar we bu ýeriň kontrollygyny Siriýanyň armiýasynyň gözegçiligine geçirdiler.

22-nji martda “Ahrar al-Şam” toparynyň ýurduň armiýasynyň şertlerini kabul edip, Harasta şäherçesini terk etmek baradaky karary, 2016-njy ýyldaky Aleppo söweşinden bäri siriýa hökümetiniň pitneçilere garşy gazanan iň uly ýeňşi bolup durýar.

30 çemesi awtobusa mündirilen pitneçi söweşijiler we olaryň maşgala agzalary Harastany terk etdiler. Siriýanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, awtobuslarda 1,580 adam, şol sanda 413 sany söweşiji bolup, olaryň ýurduň demirgazyk-günbataryna howpsuz ýagdaýda geçmegi üpjün edildi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýarany “Hizballah” tarapyndan dolandyrylýan harby media birleşigi 1,500 söweşijiniň we olaryň 6,000 sany maşgala agzalarynyň Harastany terk etmäge razy bolandygyny aýtdy.

Rus Goranmak ministrligi Russiýa Siriýada bir aý çemesi wagt öň “ynsanperwer arakesmäni” güýje girizip başlany bäri gündogar Goutadan ortaça 95,000 adamyň hökümet territoriýalaryna geçendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG