Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgaklykdaky öňki katalan lideri Germaniýada tussag edildi


Gaçgaklykdaky öňki katalan lideri Karles Puigdemont
Gaçgaklykdaky öňki katalan lideri Karles Puigdemont

Gaçgaklykdaky öňki katalan lideri Karles Puigdemontyň aklawçysy öz müşderisiniň Germaniýanyň polisiýasy tarapyndan tussag edilendigini aýtdy.

Jaume Alonso-Cuevillas özüniň Twitter sahypasynda ýazan maglumatynda, Puigdemontyň 25-nji martda Daniýadan Germaniýanyň serhet araçäklerine geçýän mahaly, nemes polisiýasy tarapyndan tussag edilendigini mälim etdi. Şeýle-de, ol öňki katalan lideriniň polisiýada saklanýandygyny belledi.

Aklawçy Puigdemontyň tussag edilen mahaly, Belgiýa barýandygyny aýtdy. Geçen ýyl Puigdemontyň regional hökümeti Kataloniýada bikanun referendumy guramalaşdyrandan soň, ol oktýabr aýynda Ispaniýadan gaçyp çykypdy we şondan bäri Belgiýada ýaşaýardy.

Puigdemont Ispaniýada gozgalaňçylykda aýyplanyp, 25 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG