Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kemerowoda ýangyn zerarly azyndan 64 adam wepat boldy


Söwda merkezinde bolan ýangyn, Kemerowo, 25-nji mart, 2018

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy Sibirde söwda merkezinde bolan güýçli ýangynda azyndan 53 adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

Orsýetiň Kemerowo şäherinde 25-nji martda bolan ýangynda heläk bolanlaryň gözlegi dowam etdirilýär, pidalaryň sany artýar.

Ýene onlarça adam ýitirim boldy. Kemerowo regionynyň gubernatory Aman Tuleýew ýangynda wepat bolan adamlaryň maşgalalaryna 1 million rubl ($17,500) kompensasiýa beriljegini aýtdy.

Ýangynyň sebäpleri dessine mälim edilmedi. Häkimiýetler derňewe başlandy.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Saglyk ministrine Kemerowo şäherine barmagy we ýaralananlara kömegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Derňew komiteti 30 adamyň keselhana äkidilendigini aýtdy.

Orsýetiň paýtagtyndan 3000 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kemerowo magdan önümçiligini amala aşyrýan regionyň senagat şäheridir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG